img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi

photo

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) ştab-kwartirasynda agentligiň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşyk geçirip, atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmaga degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň yzysüre, bu ýerde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Gahryman Arkadagymyza käbir sowallar bilen ýüzlendiler.

Milli Liderimiz sowallara jogap berip, soňky wagtlarda sebitimize golaý çäklerde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar babatda öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdi.

— Mälim bolşy ýaly, Türkmenistana goňşy sebit bolan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar örän çylşyrymly bolmagynda galýar. Mundan başga-da, dartgynlylygyň köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ulanmaga çenli ýitileşmek ähtimallygy hem aradan aýrylmaýar. Şeýle ýagdaýyň netijeleri nähili bolarka?

— Häzirki emele gelen ýagdaýyň ösüşi Türkmenistany örän ynjalykdan gaçyrýar. Bu ýagdaýyň bizi howsala salmagy ýönelige däl. Sebäbi giň çäkleri öz içine alýan Ýakyn Gündogar sebiti geografik taýdan Türkmenistana hem galtaşýar. Şoňa görä-de, şol ýerdäki ýagdaýlar goňşy ýurtlara we tutuş sebite ýaramaz täsirini ýetirip biler.

Türkmenistan — Bitarap döwlet. Biziň garaýşymyz gapma-garşylykly ýagdaýlary, dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge esaslanýar. Munuň özi hiç wagt üýtgemedik we üýtgemeýän düýpli garaýyşdyr. Şol bir wagtda Türkmenistan soňky üç onýyllygyň dowamynda harby işjeňligi peseltmäge, daşary syýasatyň guraly hökmünde güýç ulanmak usullaryny aradan aýyrmaga gönükdirilen köptaraply tagallalara işjeň gatnaşyp gelýär.

Ilkinji nobatda, bu köpçülikleýin gyryş ýaraglaryna degişlidir. Türkmenistanyň köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny gadagan etmek ugrunda üzül-kesil çykyş edýändigini açyk aýdasym gelýär. Biziň ýurdumyz ýaraglara gözegçilik etmek boýunça esasy halkara hukuk resminamalarynyň köpüsine, şol sanda Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakynda Şertnama we Ýadro synaglaryny doly gadagan etmek hakynda Şertnama gatnaşyjy bolup durýar. Mundan başga-da, Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda Şertnamanyň hem işjeň gatnaşyjylarynyň biridir. Şeýle hukuk ýagdaýy biziň üçin ýöne bir syýasy ýa-da harby-tehniki binýat bolman, eýsem, ilkinji nobatda, ahlak, ynsanperwerlik, häzirki we geljek nesilleriň öňünde öz jogapkärçiligiňe düşünmek meselesi hem bolup durýar.

Men hünärim boýunça onlarça ýyllary döwlet gullugynda häzirki we geljek nesilleriň saglygyny, ömrüni gorap saklamaga bagyşlan lukman hökmünde köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň düzedip bolmajak ýaramaz netijelere getirjekdigini bellemek isleýärin. Ol ulanylan ýagdaýynda, ilata, ekologiýa, iri sebitleriň durmuş, ykdysady ösüşiniň ähli ugurlaryna agyr täsir etjekdigini bilýärin. Bu örän düýpli we ýokary derejede jogapkärçiligi talap edýän meseledir. Muňa kembaha, ýüzleý hem-de oýlanyşyksyz garamak örän howply, ýol berilmesiz ýagdaýdyr.

— Häzirki Ýakyn Gündogar dawasynda Hazarýaka çäklere hem harby taýdan zarbalaryň urlandygy belli boldy. Muňa Siziň, umuman, Türkmenistanyň garaýşy nähili?

— Türkmenistanyň Hazarýaka döwletler bolan Azerbaýjan, Gazagystan, Eýran we Russiýa bilen bilelikde 30 ýyldan-da köp wagtyň dowamynda yzygiderli hem-de açyk göwünli meýiller bilen Hazar hyzmatdaşlygyny ýola goýandygyna düşünmek gerek. Şu ýyllarda biz öz işlerimizi utgaşdyrdyk, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda bilelikde üstünlikleri gazandyk.

Netijede, 2018-nji ýylda ähli kenarýaka ýurtlar tarapyndan baş resminama — Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa gol çekildi. Resminamada Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk we hoşniýetli goňşuçylyk giňişligi bolup durýandygy, bu ýerde Hazarýaka ýurtlardan beýleki döwletleriň harby güýçlerini ýerleşdirmegiň ýa-da işjeňliginiň gadagan edilýändigi aýdyň beýan edildi. Bu kesgitleme sebit howpsuzlygynyň esas goýujy bölegidir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň serhetdeş Hazarýaka döwletiň çäklerine harby zarbalaryň urulmagyna biynjalyk bolmagy tebigydyr. Biziň ýurdumyz şeýle hereketleri doly ret edýär. Hazar sebitinde harby hereketler düýbünden ýol berilmesizdir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýaňy-ýakynda teklip edilen Hazarýaka döwletleriň Bilelikdäki Beýannamasynyň taslamasyna dykgatly seredenden soň, ony goldamak barada karara geler. Bu taslamada Ýakyn Gündogardaky harby gapma-garşylygyň Hazar sebitine ýaýramagynyň onuň düýpli güýçlenmegini aňladýandygy hem-de sebit howpsuzlygyna wehim salýandygy bellenilýär. Bu resminama biziň düýpli garaýyşlarymyzy, şeýle-de gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýandygymyz baradaky pikirimizi beýan edýär.