img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri, Liberal Demokratik partiýasynyň Ösüş strategiýasy boýunça ştab-kwartirasynyň başlygy Fumio Kişida bilen duşuşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri, Liberal Demokratik partiýasynyň Ösüş strategiýasy boýunça ştab-kwartirasynyň başlygy Fumio Kişida bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň syýasy, parlamentara, partiýa gatnaşyklaryny, ykdysady we medeni-gumanitar ugurlaryny ösdürmek babatda pikir alyşyldy.

Duşuşygyň barşynda 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda merhum Sindzo Abeniň ýas dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýa saparynyň dowamynda şol wagt Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesini eýelän Fumio Kişida bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şeýle hem 2022-2024-nji ýyllarda Ýaponiýanyň Premýer-ministri wagtynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçiren telefon söhbetdeşlikleri mähirli ýatlanyldy we Türkmenistanyň Hökümetiniň Ýaponiýa bilen gatnaşyklara berýän ünsi aýratyn bellenildi.

Şeýle hem, duşuşykda türkmen-ýapon syýasy, parlamentara, partiýa gatnaşyklaryny ösdürmegiň anyk ugurlary, himiýa pudagynda iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan ýapon kompaniýalaryna goldaw bermek we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ara alnyp maslahatlaşyldy.