img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Tokio şäheriniň Häkimi Ýuriko Koike bilen bilen duşuşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Tokio şäheriniň häkimi Ýuriko Koike bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ösdürmek babatda pikir alyşyldy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen alyp barýan syýasatyna ýokary baha berildi. Hususanda, 2025-nji ýylyň aprel we dekabr aýlarynda Tokioda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçiniň arasynda geçirilen dostlukly we konstruktiw gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem, duşuşykda Emeli aň (AI) we sanly özgeriş (DX), ykdysady, senagat we tehnologiýa alyş-çalşygy, medeniýet we syýahatçylyk alyş-çalşygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi şäheriniň häkimini iki tarap üçin amatly senelerde, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde bellenilýän döwlet çäreleriniň çäginde, Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.