Tapylan netije sany: 3201
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ÇEHIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) H.Amannazarow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele ynanç hatlaryny gowşurdy.
Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Çehiýanyň Prezidenti bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi hem-de iki ýurduň arasyndaky özara b...
BRAZILIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Braziliýa Federatiw Respublikasynyň ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
W.Hajiýew ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de türkmen tarapynyň oňa diplomatik işini amala aşyrmakda goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi boýunça pik...
GDA-NYŇ ÝOLÇULARYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada sapar bilen gelen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle hem sebitdäki halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistanyň ählumumy ulag dialogyna işjeň gatnaşmagy barada pik...
TÜRKMENISTAN DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYNA ÝETMEKDÄKI IKINJI MEÝLETIN MILLI SYNYNY HÖDÜRLEDI
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşýan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli syny hödürledi.
Hasabatyň tanyşdyrylyşynda wekiliýet foruma gatnaşyjylara 2019-njy ýylda ilkinji Synyň hödürlenenden bäri geçen döwürde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, şeýle hem durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen orta we...
TÜRKMENISTANDA BRAZILIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkar...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINE AGZA DÖWLETLERIŇ HEM-DE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYŇ BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyna ugrady.
19-njy iýulda Türkmen döwletiniň Baştutany Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy.
Şu gezekki...
TÜRKMENISTAN - KOREÝA RESPUBLIKASY: PARLAMENTARA GATNAŞYKLAR ÖSDÜRILÝÄR
2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilm...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGY BILEN KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ASSAMBLEÝASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Mejlisiň ýolbaşçysy dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony oňa ýokary sylagyň - “Bitaraplyk” ordeniniň gowşurylmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy koreýaly hyzmatda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ASSAMBLEÝASYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 22-nji iýulynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň, pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, şeýle hem wideoaragatnaşyk ulg...