img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Liberal Demokratik Partiýasynyň Halkara gatnaşyklary boýunça müdürliginiň Baş direktory Taro Kono bilen duşuşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi   A.Baýramow Ýaponiýanyň Liberal Demokratik Partiýasynyň Halkara gatnaşyklary boýunça müdürliginiň Baş direktory Taro Kono  bilen duşuşdy.  

Duşuşygyň barşynda Ilçi A.Baýramow türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan işlerine öz minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň syýasy partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, has takygy Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Ýaponiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň arasyndaky göni gatnaşyklary ýola goýmak, emeli aň (AI) we sanly özgeriş,  ýaşlar diplomatiýasy we global liderlik maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek, ykdysady we söwda syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmek, ylym we innowasiýa hyzmatdaşlygy, ýaşyl tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary babatda ara alyp maslahatlaşdylar.

T.Kono ozal Ýaponiýanyň Goranmak, Daşary işler we Sanly tehnologiýalar boýunça ministri wezipelerinde işledi.