img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan we Ýaponiýa galyndylary gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

photo

Aşgabatda galyndylary gaýtadan işlemek we sirkulýar ykdysadyýete geçmek meseleleri boýunça ilkinji türkmen-ýapon «tegelek stol» duşuşygy geçirildi.

Duşuşygy Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Sasaki Hiroşi we Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekili Işi Hidehiko açdy. Çärede ýapon kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň degişli edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem ekologiya ulgamyndaky bilermenler gatnaşdylar.

Duşuşykda esasy hasabat bilen Kumamoto uniwersitetiniň hormatly professory Koji Arizono çykyş etdi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň galyndylary dolandyrmak ulgamyndaky döwlet syýasaty, şeýle hem ýurduň önümçilik ulgamyna öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny ornaşdyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäre 2025-nji ýylyň ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde galyndylary dolandyrmak ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bildirilen gyzyklanma babatda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde guraldy.

«Tegelek stol» duşuşygynyň netijeleri boýunça taraplar iki ýurduň arasyndaky mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.