img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Hiroşima we Nagasaki şäherlerinde geçirilen hatyra çärelerine gatnaşdy

img
img
img
img

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A. Baýramow 2026-njy ýylyň 06-njy awgustynda Hiroşima we 09-njy awgustynda Nagasaki şäherlerinde bu şäherleriň atom bombalanmagynyň 81 ýyllygy mynasybetli geçirilen hatyra çärelerine gatnaşdy.

Agzalan çärelere Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Parlamentiň Ýokarky palatasynyň başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary we Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çärelerde edilen çykyşlarda ýapon tarapy ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyna ýol bermezligiň hem-de ýadro ýaragsyzlanmagy we parahatçylygy pugtalandyrmak babatda halkara tagallalary dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Ýokarda görkezilen çäreleriň dowamynda Ilçi bu ýapon şäherleriniň bombalanmagy netijesinde wepat bolanlaryň ýadygärliklerine gül goýdy we hatyrasyny hormatlady.

Mundan başga-da, saparynyň çäklerinde Ilçi A. Baýramow Hirosima we Nagasaki şäherleriniň we prefekturalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Ilçi ýapon tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we dialog ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty barada habarly etdi.

Şeýle hem ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen başlangyç esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň halkara hukugyny pugtalandyrmaga ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasydygyny belledi.