Tapylan netije sany: 3204
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşygy geçirildi
2022-nji ýylyň 10-njy awgustynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Suzuki Takakonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Döwlet ministri Suzuki Takako köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, Ilçi Atadurdy Baýramowy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady....
Türkmen telewideniýesinde “Goçiso-san” atly ýapon teleserialy görkeziler
15-nji awgustdan başlap, «Goçiso-san» köpseriýaly telewizion filmi türkmen telewideniýesinde görkezilip başlanar.
Ýapon Gaznasy bu meşhur dramany Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çarçuwasynda guraýar.
Ýaponiýanyň teleradiogepleşikler korporasiýasynyň (NHK) önümi bolan köpseriýaly telewizion filmi dünýäniň köp ýurtlarynda gowy garşylandy. Filmiň wakalary 20-nji asyryň birinji ýarymynda Tokioda we...
Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag boýunça maslahaty öz işine başlady
Şu gün irden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty öz işine başlady.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40-a golaý döwletleriň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar.
Ministrler maslahatynyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ulag we onuň b...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ULAG ULGAMYNDA TÄZE HALKARA BAŞLANGYÇLARY ÖŇE SÜRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi.
Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlar barada Hazar deňziniň Türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde öz işine başlan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna iberen wideo ýüzlenmesinde belledi.
«Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ula...
GUTERRIŞ DURNUKLY ULAG HEREKETLERINDE TAGALLALARY BIRLEŞDIRMÄGE ÇAGYRDY
Türkmenistanda geçirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterriş ýüzlendi.
Ýüzlenmäni BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary we Az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima okady.
BMG-niň Baş Sekretarynyň iberen ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hökümetine we maslahata gatna...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLERIŇ ULAG MINISTRLERINIŇ DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATDAKY ÇYKYŞY
Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary!
Hanymlar we jenaplar!
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin!
Bu foruma otuzdan hem köp döwletden ulag edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik edýärler. Şeýle hem halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň onlarçasyny...
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY ULAG ULGAMYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERINI AÇÝAR
16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işini tamamlady. “Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek” atly maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guraldy.
“Ulag geçelgelerini ösdürmek, sebitara baglanyşyk, toplumlaýyn multimodal ulag ulgamlary we ulag bilen söwdanyň üznüksiz baglanyşygy”, “Kämil üstaşyr...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ýaponiýanyň Içeri işler we kommunikasiýa boýunça ministriniň orunbasary bilen duşuşygy geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Içeri işler we kommunikasiýa boýunça ministriniň orunbasary Ýoşida Hiroşiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Agzalan duşuşykda taraplar oba hojalyk, lukmançylyk we senagatyň beýleki pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda taraplar...
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna parahatçylyk we howpsuzlyk babatda kararnamalaryň üçüsini kabul etmegi teklip eder
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljekki 77-nji mejlisinde pugta we uzak möhletleýin parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça kararnamalaryň üçüsini kabul etmegi teklip eder. Bu barada ýurdumyzyň DIM-niň resmi web-saýtynda çap edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary barada habarda aýdylýar.
Türkmenistan döwletleriň köptaraplaýyn oňyn we deň derejel...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2022-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A. Baýramow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Tsubaýyň arasynda hoşamaýlyk duşuşygy geçirildi.
Agzalan duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ugurlaryny giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.